Kişmiş suwunyň täsiri

MilliInfo

2 Sentýabr, 2026

Kişmiş suwunyň täsiri

Tebigy ýol bilen kölegede ýa-da Günüň ýiti bolmadyk şöhlesinde guradylan üzüm kişmişiniň dermanlyk häsiýetleri diýseň köpdür. Kişmişiň peýdaly häsiýetleri irki wagtlardan bäri belli bolup, ol halk lukmançylygynda ýörgünli önüm hasaplanypdyr. Kişmişiň dürli görnüşleri bolup, olar reňkine, ululygyna we çigidiniň bardygyna ýa-da ýokdugyna baglylykda tapawutlanýar. Reňki boýunça kişmiş gara, sary, açyk sary hem gyzyl bolýar.

Bulardan başga-da, kişmiş dürli tagamlary, çörek önümleri, dürli süýjülikler taýýarlananda giňden ulanylýar. Çigitsiz kişmiş has-da köp peýdalanylýar. Emma kişmişiň diňe bir özüniň däl-de, onuň suwunyň hem saglyga peýdalydygy köplere mälim däl bolsa gerek. Geçirilen barlaglar kişmişi suwda gaýnadyp, aç ýagdaýda içmegiň örän köp peýdaly taraplarynyň bardygyny subut edilýär. Kişmiş suwy bagryň işini gowulandyrmaga ýardam edýär. Onda aňsat siňdirilýän antioksidantlaryň köpdügi barlaglar arkaly seljerildi. Bu maddalar içki synalaryň işini ýeňilleşdirmek bilen, köp sanly fermentleriň netijeliligini ýokarlandyrýar. Kişmişiň özünde hem iýmit siňdiriş synalarynyň işleýşini gowulandyrýan we onuň arassalanmagyna kömek edýän süýümler bar.

Kişmişli suw adamyň şähdini açmak bilen, ýadawlygy aýyrmak üçin energiýa çeşmesi bolup hyzmat edýär. Munuň üçin bir bulgur möçberde kişmiş suwuny içmek ýeterlik hasaplanylýar. Şeýle hem kişmiş suwy içilende bedendäki holesteriniň derejesi hem peselýär. Kişmiş suwunyň düzüminde hiç hili ýag saklanmaýar, netijede bedendäki ganyň düzümi ep-esli derejede gowulaşýar, arassalanýar. Taýýarlanandan soň azyndan 24 sagatlap salkyn ýerde saklanan kişmiş suwy has-da ýaramly hasaplanylýar. Şeýle-de kişmiş suwuny içmek gan basyşyny peseltmäge hem ýardam edýär. Bu bolsa ýürek-damar ulgamy bilen baglanyşykly näsazlyklaryň döremek töwekgelçiliginiň azalmagyna getirýär. Ýöne esasy zat, suw içilensoň, onda galan kişmişi iýmegi-de ýatdan çykarmaly däl. Umuman, kişmiş köptaraplaýyn peýdaly häsiýetlere eýe bolan azyklyk we dermanlyk önüm bolup, ol ençeme ýokumly maddalaryň, peýdaly elementleriň özboluşly ammarydyr.

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info