Sowet döwründe kakao örän meşhur içgidi. Ol ähli bilim edaralarynda çagalara berilýärdi. Soňra bu içgi ýatdan çykdy we kofe has elýeterli bolup, esasy orny eýeledi. Emma kakaonyň gymmaty diňe onuň tagamynda däl, eýsem, saglyk üçin peýdasynda hem jemlenýär.
KAKAONYŇ GÖRNÜŞLERI WE OLARYŇ DÜZÜMI
Kakaonyň iki esasy görnüşi bar. Tebigy kakao poroşogy ajymtyk we turşy bolup, ýakymly ysyny doly ýüze çykarmak üçin ony hökman gaýnatmaly. Işlenilen görnüşini bolsa gaýnatmak hökman däl, sebäbi onuň tagamy has ýumşakdyr.
Olaryň ikisi hem süýüme, magniý, kaliý, marganes, fosfor, mis, demir, sink ýaly serişdelere, şeýle hem kofeine we teobromine baýdyr. Olar içginiň höweslendiriji täsiri üçin jogapkär önümlerdir.
SAGDYN HÄSIÝETLER WE ÇÄKLENDIRMELER
Kakao çişmegi we oksidatiw stresi azaldýar, içege mikroflorasyny goldaýar we ýürek-damar ulgamynyň işini gowulandyrýar. Geň galdyryjy zat, agramy dolandyrmak üçin hem kakao maslahat berilýär. Bu geň galdyryjy, sebäbi kakao ýokary kaloriýaly içgidir.
Mundan başga-da, kakao beýnini goraýar we kognitiw işjeňligi gowulandyrýar. Şonuň üçin hem, güýçli ruhy stres döwründe bir käse kakao demlemek peýdalydyr.
Şeýle-de bolsa, ähli iýmitlerde bolşy ýaly, çäklendirmeler hem bar. Gistamine duýgurlygy bolan adamlar allergiýa howpy sebäpli, bu içgini aşa köp içmekden gaça durmalydyrlar.
Show more