Kök (Italýan tymsaly)

MilliInfo

9 sagat öň

Tokaýyň gyrasynda, çeşmäniň boýunda ösüp oturan dürli görnüşdäki agaçlar hemişe birek-birege bäs edipdirler. Olaryň aglabasy ähli güýçlerini beýlekilerden beýik bolmaga, şahalaryny dürli güller, ýapraklar bilen bezemäge sarp eder ekenler. Ýöne olaryň arasynda diňe biri – boýy pessejik, gülsüz lawr agajy bar güýjüni köküne sarp edipdir.Ol beýleki agaçlaryň öz üstünden gülüp, göwnüýetmezçilik etmegine üns berjegem bolman, köküni berkitmegiň aladasynda bolupdyr. Olaryň aram-aram:

-Lawr töweregiňe-de bir seret ahyryn. Biziň boýumyzy, güle beslenen görkümizi görüp, öz sypatyňdan utanaňokmy ? – diýen sözlerine :

-Ol zatlara üns berere wagtymam ýok. Meniň ýapragym üçin gelýänleriň yzynyň üzülmeýänini-hä özüňiz bilýäňiz. Olar maňa her gelenlerinde uzak ýaş arzuwlap gidýärler. Olaryň arzuwlarynyň hasyl bolmagy, esasan, kökümiň berkligine bagly. Şonuň üçinem, owadanlyk hakda pikir etjegem bolamok — diýip, pespällik bilen jogap beripdir.

Bir günem şeýle bir uly tupan turupdyr welin, köki gowşak açaçlaryň köpüsini ýykyp taşlapdyr. Lawryň bolsa ýapraklary az-kem selçeňläpdir diýmeseň, asyl sarsmandyram.

Kyn pursatlarda görk-görmegimizdir boý-syratymyz däl-de, görünmeýan çuňluklardan orun tutýan zatlarymyzyň kökümiziň berkligi, kalbymyzyň arassalygy biziň ýardamçymyz bolar.

 

 

    

 

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info