Küşt — özüňi tanamagyň ýoly

MilliInfo

12 sagat öň

Küşt diýseň täsirli, asla ýadatmaýan, dünýäsine aralaşdygyňça, täsinlikler älemini sahylarça bagyş edýän, aňyňa dynçlyk-rahatlyk berip, ownuk-uşak pikir-aladalardan saplaýan oýundyr. Bu oýun alymlaryň aýtmagyna görä, ilkibaşda gözel Hindistan ülkesinde döräpdir. Uzagyndan bu oýnuň meşhurlygy has-da artyp, ol ilki Aziýa yklymynyň ümmülmez giňişligine, soňra bolsa Ýewropa ýaýrapdyr hem-de hemmeleri özüne maýyl etmegi başarypdyr.

Küşdüň aňy ösdürýän, beýnä dynçlyk berýän oýundygy irki döwürlerde-de belli bolupdyr. Küşt adama pikirlenmegi, oýlanyşykly hereket etmegi, her ätjek ädimiňi öňünden kemsiz saldarlamagy öwredýär. Küşt oýny adamda hasap ylmyna bolan ukyp-başarnygy has-da çalt ösdürýär. Bu oýna irki ýaşdan höwes bildirip başlan çagalar uzagyndan takyk ylymlardan oňat baş çykaryp, ökde alymlar, ezber hünärmenler bolup ýetişýärler. Bilermenleriň bu ugurda geçiren barlaglary täsin maglumatlaryň üstüni açypdyr. Görlüp oturylsa, küşt oýny adam beýnisiniň işjeňligini artdyrýar. Ol beýniniň logiki pikirlenişini (ýagny yzygiderli pikirleri jemlemek we olara dürs baha bermek arkaly täze pikiri ösdürýär) adamyň bar bolan ýagdaýlardan utuşly baş alyp çykmak üçin amatly ýoluny tapmak ukybyna jogap berýär. Mundan başga-da, küşt bilen gyzyklanýan çagalaryň beýnisiniň işjeňligi düýpli artyp, olarda öz etjek hereketleriniň netijesini öňünden aňşyrmak we şeýle ädimlere taýýar bolmak başarnygy ýokarlanýar. Küşt oýny çagalaryň ýatkeşligini berkidýär, goýlan maksatlara tarap ynamly gadam urmaga we ýeňşe okgunly bolmaga itergi berýär. Kiçi ýaşly çagalara bolsa özbaşdak pikirlenmegi, eden hereketleriňe, äden ädimleriňe jogapkärli bolmagy öwredýär. Şeýle ýagşy gylyk-häsiýeti özüne asylly endik edinen körpeje özüne, hereketlerine has seresaply bolmagy, kemçiliklerini, bärden gaýdýan ýerlerini boýun almagy, olary tankydy nazar bilen seljerip, dogry netije çykarmagy, bir söz bilen aýdylanda, kämillik ugruny ýalňyşsyz saýlap almagy we oňa ygrarly bolmagy durmuşyň kadasyna öwürýär.

Küşt oýny diňe bir ýeňmegi däl, eýsem, utulyşa sezewar bolanyňda-da, sussupeslige ýan bermän, başyňy dik tutup, ýeňşe bolan erkiňi goldan bermezligi, hemişe öz güýjüňe, başarnygyňa, zehiniňe ynamly bolmagy öwredýär. Sanalyp geçilen bu asylly gylyk-häsiýetleriň hemmesi, gürrüňsiz, çaganyň mekdepde tapawutly okamagyna, geçilýän ders sapaklaryny düýpli özleşdirmegine, aň taýdan has kämil bolmaga ýardam berýär. Uzagyndan, şeýle çagalar küşt bilen gyzyklanmaýan beýleki deň-duşlaryndan aýyl-saýyl tapawutlanyp başlaýarlar. Şeýle çagalar köpçülikde hem özüni parahat, edepli alyp barýarlar, mekdepde tabşyrylan ýumuşlary we öý-içeri işlerini gaýtadan ýatlatmasyz, özbaşdak ýerine ýetirmek endigini özlerinde terbiýeleýärler.

Teswirler
Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info