Küýkermejek bolalyň! Göwrämiziň dikligine üns bermesek näme bolar?

MilliInfo

4 sagat öň

Köpimiz göwrämizi dik tutmasak nähili kyn saglyk ýagdaýlaryna getirip biljekdigi barada ozal hem eşiden bolsak gerek.

Oňurga sütüni ýa-da oňurga bedeniň süňkler ulgamynyň dik bolmagynyň esasyny düzýär hem-de onuň her böleginiň öz «jogapkärçilik meýdany» bolýar. Oňurganyň üýtgemegi, şol sanda göwräni nädogry tutmak, küýkermek sebäpli ýüze çykýan üýtgeşmeler bitewi beden ulgamynyň we organlaryň işleýşine täsir edýär.

  • Oňurganyň gapdal egriligi, dem alyş meselelerine sebäp bolup bilýän döşüň deformasiýasyna getirýär;

  • Kelle böleginiň nädogry ýerleşmegi bu ýerdäki gan aýlanyşygynyň bozulmagyna, kelläniň agyrylaryna sebäp bolup, osteohondrozyň ösmegine täsir edýär;

  • Eginleriň hemişe goýberilgi halda bolmagy, küýki ýagdaýda saklanýan arka döş kapasa we diafragma aşa basyş döredýär. Garyn boşlugynda ýerleşýän içki organlara, çanaklyk organlaryna we bedeniň ähli ulgamyna ýaramaz täsir edýär.

  • Köp ýyllaryň dowamynda nädogry saklanan adam bedeniniň duruşy beýleki kynçylyklar bilen bir hatarda, orta ýaşly we garry adamlarda arkanyň hem şondan aşaky bölegiň agyrylaryna, kadaly hereket etmezlige çenli eltip bilýän oňurgara meseleleriniň döremegine sebäp bolýar.

Küýkermä nämeler täsir edýär?

Içki täsirler:

  • dogabitdi patologiýalar we keseller: oňurganyň egriligi (skolioz, gipoz), rahit, birleşdiriji dokuma keselleri;

  • oňurga şikesleri: döwükler, süýşmeler, dartylmalar.

Daşky täsirler:

  • oturyp geçirilýän durmuş ýörelgesi: uzak oturmak oňurganyň egriligine sebäp bolup bilýän arka we egin guşagynyň myşsalarynyň gowşamagyna sebäp bolýar;

  • uzak wagtlap telefona güýmenmek: telefon ulanan mahalyňyz nädogry durmak, mysal üçin kelläňizi aşak egip köp saklamak ýatgy oňurgasynyň egri bolmagyna getirip biler;

  • artykmaç agram: oňurga artykmaç agramyň düşmegi onuň egrelmegine sebäp bolup biler;

  • fiziki işjeňligiň bolmazlygy ýa-da tersine, özüňe aşa köp agram salmak. Birinjisi arka myşsalarynyň gowşamagyna, ikinjisi oňurga şikeslerine getirýär.

Näme üçin arkany dik tutmaga çalyşmaly?

  • Göni saklanýan arka adamyň göwre keşbini kadaly edýär;

  • Dik saklanmak myşsa-skelet hereket ulgamynyň keselleriniň öňüni almaga kömek edýär. Arka we boýnuň myşsalary tonusda bolan ýagdaýynda egriligiň öňüni alyp, oňurga ýüküni deň paýlaýarlar;

  • Arkanyň dik saklanmagy içki organlaryň anatomiki taýdan dogry ýerleşmegini üpjün edýär. Oňurga göni bolanda içki organlar gysylmaýar we kadaly işleýär.

Arkanyň dikligini kadalaşdyrmak üçin birnäçe maslahat:

  • dabanyňyzy we aýagyňyzy birleşdirip göni duruň, arkaňyzy gönläň we egniňizi aşak goýberiň. Eger arkaňyzy tutuşyňyz göni bolsa, ýokaryňyzdan görünmeýän bir ýüp çekip duran ýaly görnüşde bolarsyňyz;

  • bu ýagdaýy günüň dowamynda saklamaga synanyşyň;

  • arka we boýun myşsalaryny güýçlendirmek üçin yzygiderli maşklary ýerine ýetiriň.

Eger arkaňyzyň egriliginden, küýkermekden ejir çekýän bolsaňyz, hökmany suratda degişli ugurdan işleýän lukmana ýüz tutuň!

Teswirler
Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info