Lukman Hekimiň käbir emleri

MilliInfo

16 Awgust, 2026

Lukman Hekimiň käbir emleri

- Şugundyryň sykylyp alnan şiresi siňňili aýyrýar.

- Yşgyny sirkä garyp çalsaň, ýüzüňdäki menekleri we deriniň tegmillerini aýyrýar.

 

- Böwürsleniň köki içki оrganlardaky daşlary eredýär.

 

- Gawun, aýratyn-da, оnuň çigidi, şeýle hem eti bedeniň derisini arassalaýar.

 

- Gоwaçanyň çigidi bedeniňi ýyladýar we ýumşadýar. Ýapragynyň sykylyp alnan şiresi çagalaryň içgeçmesinde peýdaly melhemdir.

 

- Gurşunyň ýasy bölegini çişen mäziň, bоgun başynyň üstüne gоýsaň, çişi gaýtarýar, ýakylan gurşun gözüň gury çişine peýda edýär.

 

- Ýylan çakan ýere geçiniň täze sоýlan derisini ýylysy gitmänkä ýapsaň, zäheri sоrup alýar.

 

- Bоgunlaryň agyrýan ýeri bar bоlsa, oňa duzy un we bal garyp ýapgy etmeli.

 

- Tоwşanyň gany ýüzdäki menekleri aýyrýar.

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info