Mifler we hakykat: efir ýaglary hem-de aromaterapiýa barada nämeleri bilmeli?

MilliInfo

23 sagat öň

Aslynda efir ýaglary adamlara gadymy döwürlerden bäri tanyş bolsa-da, häzirki zaman subut edilen takyklyklara esaslanýan lukmançylygyň gorunda olaryň orny ýokdur. Olaryň ulanylyşy, esasan hem, öý şertlerinde, gözellik salonlarynda we massaž hyzmatlarynda işjeňdir. Muňa garamazdan, alymlaryň geçiren gözlegleri dogry ulanylan ýagdaýynda efir ýaglarynyň peýdaly taraplarynyň hem az däldigini görkezýär.

Tebigy, ýöne zyýanly taraplary bar. Köp adamlar efir ýaglarynyň tebigy bolmagynyň olaryň düýbünden howpsuzdygyny tassyklaýandygyna ynanýarlar. Şeýle-de bolsa, bu ýalňyş pikirdir. Efir ýaglary, hatda düýbünden tebigy düzümli bolsa-da, olaryň birnäçe zyýanly täsirlere getirip bilýän häsiýetleri bardyr: allergiki täsirler, indiwidual durnuksyzlyk, psihoz, bronhial demgysma, beýni şikesleri, onkologik keseller. Mundan başga-da, hamyla zenanlar efir ýaglaryny birinji üç aýda kabul etmeli däldirler. Ikinji we üçünji döwürde bolsa diňe lukmanyň rugsady bilen kabul edip bilerler.

Efir ýaglaryny derä zeper ýeten wagty (ýaralar, sypjyryklar we ş.m) ýa-da damarlaryň warikoz bolan ýagdaýynda kabul etmeli däldir.

Gipertoniýa, böwrek keselli we garrylykda ýüze çykýan keselleri bolan adamlar (mysal üçin, Parkinson keseli ýaly) efir ýaglaryny kadaly ulanmalydyrlar. Çagalar üçin aromaterapiýa diňe lukman bilen maslahatlaşylandan soň rugsat edilýär.

Aromaterapiýa nerw ulgamyny «kadalaşdyrmaga» kömek edip bilermi? Efir ýaglary newroz, ukusyzlyk ýa-da depressiýa üçin ýöriteleşdirilen serişdeleriň ornuny tutup bilmez. Ýöne ýakymly ysly aroma çyra rahatlanmaga we psiho-emosional dartgynlylygy aýyrmaga täsir edip biler.

Şol bir ysyň bir adamy köşeşdirip, ýöne negatiw ýatlamalar bilen baglylykda, beýleki birini gaharlandyryp biljekdigini göz öňünde tutmak möhümdir.

Teswirler
Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info