Güniňizi bir stakan kofeniň ýa-da gyzgynjak çaýyň lezzeti bilen başlamagy halaýaňyzmy? Size ondan hem lezzetli içgini — limonly ýyly suw içmegi maslahat berýäris. Sebäbini bilýäňizmi? Aşakda ýazgylarda munuň birnäçe sebäbi düşündirilýär.
Her bir ynsan hassalykdan saplanmak üçin «jadyly dermanlaryň» kömegine ýa-da lukmançylyk tehnologiýalaryna bil baglaýar. Emma hassa bolmazdan, dermanlardan hem güýçli häsiýete eýe, ýönekeý we peýdaly zatlary ulanmagy ýatdan çykarýar ýa-da islemeýär.
Ýyly suwa limon goşup içmek gündelik detoksikasiýa mehanizimini (tebigy ýa-da emeli usullar bilen bedenden toksinleri zyýansyzlandyrmak we aýyrmak prosesi) tizleşdirýär. Limon şerbeti toksinler bilen göreşmekde kömek edýär, suw bolsa ol toksinleri peşew ýoly bilen ýuwup çykarýar. Mundan başga-da, limonly suw madda çalyşygyny sazlaýar, immuniteti ýokarlandyrýar. Bu içgi aşgazan ýollaryny gowulandyryp işdäňi açýar. Günüň dowamynda bir stakan limonly ýyly suw iýmitimiziň kadaly siňmegini üpjün edýär.
Täsirini güýçlendirmek üçin birnäçe limon böleklerini alyň we gabygy bilen bile stakanda ýençgiläp, suwuk ýagdaýa gelýänçä eziň. Üstüne biraz gaýnan suw guýup, sowaýança demine goýuň we ertirlik edinmezden öň şu içgini içiň. Bu içgi aşgazan we iýmit siňdiriş ýollarynyň näsazlyklaryny tiz aradan aýyrýar.