Stresi peseldýän öý ösümlikleri

MilliInfo

27 Noýabr, 2025

Käbir öý ösümlikleri diňe howany arassalamak bilen çäklenmän, eýsem, stresi hem azaldyp bilýär. Bu hakykaty professional ösümlik ösdürip ýetişdirijiler tassyklaýarlar.

Spathiphyllum örän az ideg talap edýän öý ösümligidir. Onuň öýde bolmagynyň size özüňizi has hem rahat duýmagyňyza kömek edýändigine ynanýarlar. Mundan başga-da, ol ýyladyş möwsüminde öýdäki çyglylygy ýokarlandyrýar.

Lawandanyň ysy stresi peseldýär. Ony depressiýa garşy tebigy serişde hökmünde häsiýetlendirmek bolar. Lawanda ukyny gowulandyrýar.

Sansewieriýa penjiräniň öňünde goýlup, ýatdan çykarylýan ösümlikleriň biridir. Ony diňe toprak doly gurak ýagdaýa gelende suwarmaly. Ol stresi peseldýär we yzygiderli kislorod bölüp çykarýar.

Kalanhoe gyşda ýagty gülleri bilen gözellik döredýän ösümlik. Umuman, ol keýpiňizi göterer.

Hlorofytum hakyky howa süzgüjidir. Ol howany çyglylandyrýar we zyýanly maddalary aýyrýar.

Teswirler
Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo