Pähimler bossany

MilliInfo

14 Fewral, 2026

Kim öz nebsine ýalançylygy öwretse, ol dogruçylyň hakykatyna hem ynanmaz.

***

Jomart malyny halal ýol bilen gazanan we ony hakyky berilmeli ýerine sarp eden kişidir.

***

Söz aýdyjynyň tagallasyna görä ornuny tapar, gylyç bolsa ony salyjynyň güýjüne görä keser.

***

Akylly akyly bilen, ýolbars güýji bilen.

***

Ähli zat akyla mätäçdir, akyl bolsa tejribä.

***

Akylly ynsan öz arzuw-islegleriniň uýanyna erk edip bilýän kişidir.

***

Akyl bilen tejribe biri-birine ýardam etmekde, suw bilen toprak ýaly baglydyr. Eger olaryň haýsydyr biri bolmasa, beýleki biriniň ýerden ösümligiň gögermegini gazanmaga güýji ýetmez.

***

Diňe öz garaýşyna esaslanýanyň pikiri dogry bolmaz.

***

Edepleriň iň gowusy eýesiniň öwünmedik edebidir.

***

Adamyň gözleri onuň kalbynyň salgysydyr.

***

Ýagşy niýet edilmeli işleriň ýarysydyr.

***

Gaharlanmaýan adamyň pikiri durudyr. Adam gaharly wagty oýlanmazdan, diline gelen sözi aýdar.

 

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info