Saglyk üçin peýdaly önümler

MilliInfo

23 Awgust, 2026

Saglyk üçin peýdaly önümler

Et

Iň gowy et goýnuň we çebşiň, şeýle hem göläniň eti hasaplanylýar. Gara goýnuň eti ýeňil we has tagamly bolýar. Gyş paslynda doglan malyň eti bolsa has hem gowudyr. Et bedeniňi berkidýär we beýleki iýmitlere garanyňda, has tiz gana öwrülýär. Sygyr etini ýaz aýlarynda we tomsuň başynda iýmek ýaramlydyr. Düz towşanynyň etini gowrup iýseň, içege ýarasyna peýdaly melhemdir.

Üzüm

Täze ýygnalan üzümi iýseň, içiňi çişirip bilýär, birnäçe gün saklanan üzüm bolsa has ýokumlydyr. Şonuň üçin hem, iki-üç gün ozal ýygnalan üzümi iýmek has peýdalydyr. Kişmiş üzüm aşgazana, bagra, dalaga, böwrege has ýaramlydyr. Kişmiş üzümi däneleri bilen bile iýlende, içege agyrysyny aýyrmaga peýda edýär.

Peýnir

Peýnir bedeni arassalaýar. Täze peýnir ýokumly bolýar we semredýär. Ondan soň bal iýmeli. Duzly, könelişen peýnir adamy arrykladýan derman serişdesidir. Peýnir öýkene, täze ýaralaryň tiz gutulmagyna peýda edýär. Ol içgeçmäniň öňüni alýar. Duzlanan peýnir aşgazana zyýanlydyr.

Süýt

Süýt aşgazanda tiz özleşýär. Süýt içilenden soň, yzyndan başga zat iýip-içmeli däldir. Kelle agyrysy bolan, gulaklary şaňlaýan, başy aýlanýan, dalagy, bagry agyrýan adamlar süýt içmekden saklanmalydyrlar. Dürli zäherlenmede bolsa süýt içmek peýdalydyr. Süýt dişiň etini ýumşadýar, şonuň üçin süýt içeniňden soň, bal iýmek maslahat berilýär.

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info