Aýdylmadyk söz aýdylandan has degerli, has gymmat.
Islendik söýgi seniň üçin şu wagta çenli ýaşan dünýäňden tapawutly, başga bir dünýäniň açylmagydyr.
Ah ýaşlyk, ýaşlyk. Belki, seniň ajaýyplygyň ähli zady etmek mümkinçiligiň barlygynda däl-de, «her bir zady amala aşyryp bilerin» diýip, pikir edip bilýänligiňdedir.
Tebigat islendik başarnyksyzlygy örän berk jezalandyrýar.
Başgalaryň pikirine bakna adam kämil däldir.
Aýdylana ynanma, edilene ynan.
Söýgi aýdylmazdan, ýaşalýan wagty hakyky söýgüdir.
Biz diňe bilýän zadymyzy başararys. Bilim — bu güýç.
Bir akylly ynsanyň dostlugy, ähli akylsyzlaryň dostlugyndan has gymmatlydyr.
Adamyň garaýşy onuň ruhy güýjüni görkezýär.
