«Şarlotta» — maşgala bolup çaý içmek üçin nusgawy alma süýjiligi

MilliInfo

2 Iýun, 2026

Miweli süýjilik taýýarlamak pikirine gelnende, elbetde, ilkinji nusga «Şarlottadyr». Dünýäde şeýle meşhur alma pirogy ýok: beýleki alma pirogynyň ähli görnüşleri diňe şu süýjüligiň nusgalarydyr.

DÜZUMI WE ALMALARY TAÝÝARLAMAK

Size gerek önümler:

  • 160 g bugdaý uny;

  • 200 g şeker;

  • 25 g ýag;

  • 10 g çörek poroşogy;

  • 4 ýumurtga;

  • 2 g wanil;

  • alma;

  • 1 çaý çemçesi darçyn.

Almalardan başlaň. Daşyny arassalaň, özenini aýryň we santimetr ululygyndaky dortburçluklara ýa-da inçe dilimlere bölüň. Süýjiligi gabygyny aýyrman hem bişirip bolar, ýöne biz ýumşak dilimleri has gowy görýäris. Almalary we darçyny garyşdyryň!

Aýratyn gapda uny we çörek poroşogyny garyşdyryň. Hamyr üçin ýumurtgalary we şekeri çalyň. Soňra un we çörek poroşogyny ýuwaş-ýuwaş goşuň, bölejikler bolmaz ýaly çalyň. Alma we darçyn goşuň.

PEÇDE BIŞIRMEK

Hamyry ýaglanan we pergament kagyzy bilen örtülen  bişiriji gaba geçiriň. Bişirmek düzgünini 150 gradus gyzgynlykda, bir sagata goýuň.

Biziň «Şarlottamyz» taýýar.

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info