Sary garpyzyň peýdasy

MilliInfo

19 Iyul, 2026

Sary garpyzyň peýdasy

Sary garpyz örän peýdaly bakja ekini bolup, onuň düzümi gyzyl garpyzdan düýpli tapawutlanýar. Onuň düzüminde, esasan, A, B1, B2, B5, B6, B9, E, C, PP witaminleri köp saklanýar. Garpyzyň bir dilimi ortaça 0 g ýagy, 11 g uglewody, 1 g süýümi öz içine alýar we adama gündelik zerur bolan A witamininiň 17 %-ini, C witaminiň 21 %-ini üpjün edýär.

Mundan başga-da  kalsiý, kaliý, magniý, demir, natriý, fosfor ýaly birnäçe peýdaly elementleri saklaýar. Ol immun ulgamyna oňyn täsir edýär we ýokanç kesellere, wiruslara garşy göreşýär.  Sary garpyz bedeni arassalaýjy önüm bolup, ol kabul edilende aşgazandan we içegeden zyýanly birleşmeleri aýyrmaga ukyplydyr. Garpyzda A witaminiň köp bolmagy sebäpli, ol görüşe peýdaly täsir edýär we göz keselleriniň öňüni almaga kömek edýär. Kalsiniň bolsa adamyň dyrnaklaryna, saçlaryna we süňklerine peýdaly täsiri bar. Demriň, magniniň we kaliniň köp bolmagy ýürege we gan damarlaryna gowy täsir edýär, ganazlyk howpuny peseldýär. Sary garpyz berhiz saklaýan adamlar üçin hem peýdaly, sebäbi düzüminde az kaloriýa bar, ýöne örän ýokumly. Ol artykmaç agram bilen göreşýän adamlar üçin hem peýdaly önüm hasaplanýar.

 

 

 

 

 

 

 

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info