Uzakly gün awy ugruna bolman, halys surnugyp, kölegede ýatan ýolbarsyň gözi hol aňyrdan gelýän tilkä düşäýmezmi. Ol tä alkymyna gelýänçä özüniň bardygyny bildirmän ýatyp, tilkini ele salýar. Şiriň matlabynyň gowy däldigine gözi ýeten tilki derhal tilsim tapýar. Ol gorkudan ýaňa saňňyldamaga derek, ýolbarsa haýbat atyp ugraýar.
— A-how, ýolbars, seniň halys açlygyňdan aňkaň aşaýypdyr öýdýän?! Kime agyz urjak bolup duranyňdan habaryň bamy seň?
Tilkiden beýle-beýle hereketlere garaşmadyk ýolbars äm-säm bolýar.
— Seni tanaman-a duramok – diýip, aç ýolbars jogap berýär. — Ýöne edil şu wagt aňryma näme atanymyň meniň üçin tapawudy ýok. Sen-ä tilki ekeniň, alaka bolsa-da, pil duşsa-da, işdämenlik bilen iýmäge taýyn.
— «Pil», «alaka» diýen bolup, nirde ýok jandarlary sanamasana. Meni golaýda ähli janly-jandarlaryň hökümdary edip saýlanlaryndan habaryň ýok öýdän? Maňa bir zat bolaýsa, seni nätjeklerini bir bilýäňmi?
Tilkiniň bolşuna bir bada ýolbarsyň gülküsi tutjak bolýar. Emma içiniň jugurdysy gulagyna gelenden, gülmegi goýbolsun edýär.
— Sen ýalan sözlemegiňi meniň içimde dowam edäýseň nädýär? — diýip, uludan arlap goýberýär.
Tilki janhowluna soňkuja emeline tutdurýar:
— Wah, öňki ýalançylygym maňa hökümdar bolamsoňam zyýan etjek-dä — diýip, ol başyny ýaýkan bolýar. — Bolýa, seň diýeniň bolsun! Ýönä iýmänkäň, tokaýyň jandarlarynyň meni nädip hormatlaýyşlaryny bir görüp gal.
Ýolbars razylaşyp, tilkiniň yzyna düşýär. Hakykatdanam, bulara gözleri düşenden, allowarlarda gezip ýören jandarlaryň ählisi ökjäni götermek bilen bolýarmyşlar. Bu ýagdaýy görüp, gözüne ynanmadyk ýolbars gaçyp barýanlaryň yzyndan: «Duruň, geliň bärik, näme üýtgeşikligiň bolanyny bir aýdyň-a maňa» diýip, gaharly gygyrýar.Ýöne onuň sesini eşiden jandarlar öküsindenem beter gaçmak bilen bolýarlar. Tilki ýolbarsa garap:
— Wah, ýanyňda men bolmadyk bolsam, olar gelselerem gelerdiler. Emma menden çekinip, olaryň birem seniň ýanyňa gelmeýär — diýip, ýylgyrýar-da, aňyrlygyna gidiberýär. Sähel arany açansoňam, ýolbarsyň akylyna aýlanaryndan gorkup, ökjäni göterýär. Açlykdan ýaňa aňy giden ýolbars bolsa «tilkiniň zoruna» haýran galyp, şondan soňam esli wagtlap ýerinden butnaman durupdyr.
Show more