Täze ýyl arçasyny bezemekde peýdaly maslahatlar

MilliInfo

27 Dekabr, 2025

Hakyky täze ýyl arçasyna elektrik çyralaryny asmazlyk maslahat berilýär. «Munuň sebäbi näme» diýýäňizmi? Ine, onuň sebäbi şeýleräk.

Birinjiden, hakyky janly arçadan çyralary asmazlyk bu ýangyn howpuny azaldar. Ikinjiden, arçanyň hoşboý ysyny has uzak wagtlap saklamaga kömek edýär.

Elektrik çyralary bolmadyk hakyky agaja suw sepip bilersiňiz, bu onuň saklanýan günleriniň sanyny köpelder, arçanyň çykarýan fitonsidleriniň mukdaryny köpelder.

 Hakyky agaçlaryň çykarýan fitonsidleriniň we beýleki peýdaly maddalarynyň sowuklama we dümew möwsüminde immun ulgamyny güýçlendirýändigi hem bellenilýär.

 

 

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info