Şöhlat (kolbasa) ýa-da towuk eti ähli täze ýyl işdäaçarynyň möhüm bölegidir.
Emma toeuk etiniň salatlara has-da gowy gelişmegi üçin nädip taýýarlamaly?
Ilki bilen, gazana 1 litr sowuk suw guýuň, 90 millilitre 9% sirke, 1 çaý çemçesi duz, 4 nahar çemçesi şeker, 40 gram burç, birnäçe ezilen sarymsak dişi, lawr ýapragy, petruşka we ukrop goşuň.
Gazany peçiň üstüne goýuň we suwy gaýnadyň. Şol wagtyň dowamynda towuk döşündäki artykmaç ýagy aýryň. Suw gaýnap başlansoň, towugy gazana goşuň we takmynan 15 minutlap gaýnadyň. Towugy derrew dilimläp kesiň, çorbada doly sowaýança goýuň. Bu has-da lezzetli tagam berer. Bu et şeýle tagamly welin, ony diňe salatlarda däl, eýsem, sowuk kesilen et hökmünde hem ulanyp bolýar.