Imbir kökesiniň taýýarlanylyşy
Hamyr üçin gerekli önümler: 100 gram şeker pudrasy, şol bir mukdarda bal, 80 gram ýag, bir ýumurtga, 360 gram un, her birinden 1 çaý çemçesi darçyn we çörek sodasy, 1/2 çaý çemçesi imbir, 1/3 çaý çemçesi muskat hozy we 3/4 çaý çemçesi kardamon. Isleg boýunça 1 çaý çemçesi kakao pudrasy we bir çümmük gara burç goşuň.
Glazur üçin size gerek boljak önümler:
Bir ýumurtganyň agy, 2-4 damja limon suwy we 200 gram şeker pudrasy.
Ilki bilen hamyry taýýarlaň. Ýagy, uny we baly gazanda garyşdyryň we ýumşaýança gyzdyryň. Aýratynlykda, elenen uny, çörek sodasyny, kakaony, kardamony, darçyny, hozy, burçy we imbiri garyşdyryň. Indi suwuk garyndyny sowadyň, soňra bolsa ýumurtga goşuň we gowy garyşdyryň.
Soňra garyndyny gurak maddalaryň içine guýuň we ýumşaýança ýuguryň. Ony topa öwüriň, plastik halta goýuň we sowatmak üçin ýarym sagatlap sowadyjyda saklaň. Peji 180 gradus gyzdyryň.
Hamyry kiçi böleklere bölüň, 3 mm galyňlykda ýaýyň we köke kesijileri ýa-da ýönekeý pyçak bilen imbiri köke şekillerinde kesiň. Bişirme kagyzyny pergament kagyzy bilen örtüň we bölekleri bir-birinden uzaklaşdyryp, üstüne goýuň. 180 gradus gyzgynlykda 7-10 minut bişiriň.
Glazur üçin ýumurtganyň agyny çalyň we şeker pudrasyny ýuwaş-ýuwaşdan goşuň. Limon suwuny goşuň we çarşajyk bilen ýene-de çalyň. Soňra glazury hamyr haltasyna ýa-da trubka haltasyna geçirip, kökeleriň ýüzüne isleýän nagyşlaryňyzy çekiň.
