Adamyň terbiýesini we özüne bolan garaýşyny diňe biliminde ýa-da olar bilen söhbetdeşlikde däl, eýsem, gündelik endiklerinde hem görmek bolýar. Bu pikir «Zenanlar territoriýasynda» psihologiýa kanalynda beýan edildi. Şol ýerde zenanlary iň ýaramaz ýagdaýda görkezýän gündelik endikleriň üçüsi barada gürrüň berilýär.
Adamyň öýüne gireniňizde, onuň içki dünýäsiniň şöhlesini görüp bilersiňiz. Eger hepdeler boýy ýuwulmadyk gap-gaçlary we burçlarynda hapa-hupalar bar bolsa ol öz rahatlyk derejesine üns bermeýän zenandyr. Bu hakykat lbert Kamýunyň «Arassaçylyk diňe özüňe däl, eýsem, başgalara-da hormat goýmagyň alamatydyr» diýen setirlerinde hem aýdyň görünýär.
Ýeri gelende bellesek, aragatnaşyk boýunça bilermen we «Nikasyz nikadan nädip aman galmaly» atly kitabyň awtory, psiholog Tatýana Wasilkowa «Çempionat» portalynda öýde arassaçylyga hormat goýmazlygyň gatnaşyklara ýaramaz täsir edip biljekdigini tassyklaýar. Bir adam arassaçylyga hormat goýmasa, beýlekisi bolsa tämizlik üçin tagalla eden ýagdaýynda çynlakaý gapma-garşylyklar ýüze çykýar.
Elbetde, sanly asyr gowy zat. Muňa garamazdan, adam bir sagat hem habarnamalary barlamazdan geçip bilmeýän ýagdaýda bolsa, onda bu duýduryş alamatydyr (biz adamyň telefonynda işleýän halatlaryny hasaba almaýarys). Wirtual dünýä yzygiderli çümmek garaşlylyk döredýär we hakyky dünýäde ýakyn gatnaşyklary gurmaga päsgel berýär.
Sagdyn iýmit bişirmek ukyby özüňe ideg etmegiň örän aýdyň görkezijisidir. Zenan yzygiderli eltip beriş hyzmatlaryndan iýip, hatda bişirmegi öwrenmek islemeýän bolsa, bu onuň saglygyna üns bermeýändigini aňladýar, sebäbi iýmitlenmek ynsan saglygynyň iň ähmmiýetli bölegidir.
Show more