Tiramisu — italýan deserti

MilliInfo

4 Dekabr, 2025

Aýratyn köp işleýän adamlara tiramisu taýýarlamak maslahat berilýär. Çünki bu italýan desertini az wagtyň dowamynda taýýarlap bolýar.

Ajaýyp süýjüligi taýýarlamaga başlalyň: ilki bilen gara kofe taýýarlalyň. Emma bize sowadylan kofäniň gerekdigini unutmaň. Şonuň üçin hem, ony sowadyň.

Soňra Sawoýardi kökelerini çaltlyk bilen kofe batyryp, gazana goýuň. Şu ýerde «çalt etmek» hakyndaky belligimize aýratyn ähmiýet bermek gerek. Çünki bu ädim ahyrky netijäniň has ýokary bolmagy üçin örän möhümdir.

Her gatlagy peýnirli krem ​​bilen örtüň. Gözel we has lezzetli tagamyň döremegi üçin üstüne kokos sepiň. Birnäçe sagat sowadyjyda saklaň. Desertimiz taýýar.

Teswirler
Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo