Tomus ýeňil tagamlary talap edýär: sowuk gaýmakly hyýar we awokado çorbasy

MilliInfo

2 sagat öň

Hyýarly we gaýmakly çorba taýýarlamagy teklip edýäris. Tomusky nahar üçin ajaýyp tagam.

DÜZÜMI

Size gerek önümler:

zeýtun ýagy - 20 ml;

sarymsak - 2 diş;

sogan - 1;

awokado - 1;

hyýar - 800 g;

petruşka - 50 g;

gatyk - 200 ml;

limon suwy - 20 ml;

gök önüm çorbasy - 500 ml.

TAÝÝARLAMAK

Zeýtun ýagyny gazanda gyzdyryp başlaň. Sogany we sarymsagy ownuk dograp, ýumşaýança gowuryň. Soňra limon suwuny goşuň. Hyýarlary inçe dilimlere bölüp, gök önüm çorbasy bilen gazana goşuň, takmynan, 5 minutlap gaýnadyň. Indi awokado mäzini we täze petruşkany goşuň.

Garyndyny biraz sowadyň, soňra ýumşaýança we krem görnüşine gelýänçä çümdüriji blender bilen garyşdyryň. Çorbamyz taýýar. Ony bir çemçe tebigy ýogurt bilen saçaga ýerleşdiriň.

 

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info