Tomus möwsüminde derä ultramelewşe şöhleler, tozan, ýylylyk, deňiz suwy ýaly negatiw faktorlar täsir edýär. Bularyň ählisi tebigy goragy bozýar, deriniň çişmegine, gözenekleriň ulalmagyna, ýüzüň guraklaşmagyna, giperpigmentasiýa sebäp bolup biler. Bu faktorlaryň hemmesi diňe tomusda däl, ýylyň ähli möwsüminde derä yzygiderli täsir etmegi bolsa öýjükleriň ölüp bedeniň garramagyna getirýär.
Güne ýanmak tebigat tarapdan berilýär. Gün şöhleleriniň aşagynda goraýjy pigment melonin işjeň ýagdaýda öndürilýär we reňkiň üýtgemegine sebäp bolýar. Öýjükler ultramelewşe şöhlelerini zyýanly täsir hökmünde kabul edýärler. Eger-de deri ýumşak bolsa reaksiýa şonça-da negatiw bolýar. Şonuň üçin hem, ýüzleriň derisine ultramelewşe şöhle zyýanly täsir edýär. Sebäbi ýüzüň derisi ýuka we has ýumşak hasap edilýär. Günden gelýän alfa we beta şöhleleri derini inçeldýär, guradýar we çeýeligi peseldýär, ýygyrtlara sebäp bolýar.
Gyzgyn howada der köp bölünip çykýar. Bu bolsa gahar-gazaba sebäp bolýar. Bu ýagdaýlara garşy birnäçe çäreler görülmelidir. Tomus döwrüniň esasy düzgüni agressiw önümlerden doly ýüz öwürmekdir. Tomusda ýeňil köpük, süýt, çekize, tonik we antibakterial suwlary yzygiderli ulanmaly. Esasan hem, ulanylýan kremler günden goraýjy bolsa has gowy. Ýüzüňi günde azyndan iki gezek ýuwmak zerurdyr.
Glikolik we salisil turşulyklary we kosmetik serişdeleri az ulanmaly. Ýüzüň dodaklary deriniň beýleki böleklerine seredende tiz güne ýanýar. Şonuň üçin hem, dürli ýumşadyjy balzamlary ulanmaly. Olar dodaklary zeperlenmeden, ýarylmadan goraýar.
Tomsuň yssysynda ýüzüňi tozandan arassalamak üçin ýüz tonikleri sowadyjylarda saklamaly. Munuň üçin «Eсobeauty» amatly spreý önümleri bar: düzüminde organiki gül we çopantelpek suwy, köp mukdarda antioksidantlar bar. Olary gyzgyn howada çalmak maslahat berilýär.
Täze miwelerden we gök önümlerden ýüzlere ýapgylar taýýarlamak deriniň saglygy üçin amatly maýa goýumdyr. Esasan hem, tomusda saýlaw gaty uly we bahalar arzan bolanda C witamine baý gök önümleri saýlamaly: apelsin, papaýa, ýertudana ýaly önümler.
Ýaz aýlary ýüzlere gara maskalary ýapmak maslahat berilmeýär. Sebäbi olar ýüzüň öýjükleriniň giňelmegine sebäp bolýar. Ýene-de gowy ýapgylaryň biri bolan «Aloe Wera» ekstratyny ulanmak maslahat berilýär. Ol ýüzleri ýakymly salkynladýar we düwürtiklerini aýyrýar.

Show more