Ýertudana, hakykatdan hem owadan we adatdan daşary tagam döretmek üçin ulanylyp bilner. Peçde köp wagt sarp etmezden, taýýarlanylýan bu süýtli desertiň düzümini synap görmegi maslahat berýäris. Doly süýt we goýaldylan süýt gaýmak esasyny üpjün edýär, ýertudana bolsa tagam we turşulyk goşýar.
Size 500 gram ýertudana, 400 gram goýaldylan süýt, 800 millilitr doly süýt, 15 gram agar-agar ýa-da 60 gram želatin we bezeg üçin kokos bölekleri gerek bolar.
TAÝÝARLAMAK
Ýertudanalary dogramakdan başlaň. Süýdi goýaldylan süýt bilen ýumşaýança garyşdyryň, želatin ýa-da agar goşuň we ortaça otda yzygiderli garyşdyryp gyzdyryň.
Diňe tagamyň aşa gyzmazlygyna üns beriň, ýogsa želatin öz häsiýetlerini ýitirer. Soňra galyba goýuň, üstüne süýt garyndysyny guýuň we doly gataýança 3-4 sagat sowadyjyda saklaň!
Netijede, turşyja tagamly, ýumşak, ortaça süýji desert emele geler. Ajaýyp süýjüligi saçaga ýerleşdirmezden öň, kokos bölekleri, täze miweler ýa-da narpyz bilen bezäň. Şeýle hem, içlik bilen synag geçirip, ýertudana we malina, gök miweler, şetdaly ýa-da möwsümleýin miweleriň garyndysy bilen çalşyp bilersiňiz.

Show more