Tomusky dynç alyş: kadalary berjaý ediň!

MilliInfo

19 Iyul, 2026

Tomusky dynç alyş: kadalary berjaý ediň!

Tomus möwsüminde howanyň aşa gyzmagy raýatlaryň käbir kadalary berjaý etmegini talap edýär. Howanyň aşa gyzan mahalynda gezelenje çykmak maslahat berilmeýär. Möwsüme görä, açyk reňkli, nah matadan tikilen eşikleri geýmeli. Gezelençde Günüň ýiti şöhlesinden goranmak üçin başgaply bolmaly hem-de ýanyň bilen arassa agyz suwuny götermeli. Şahsy we jemgyýetçilik tertip-düzgünlerini berjaý etmek şerti bilen, daşardan derläp geleniňde, hökmany ýagdaýda eşigiňi çalyşmaly, howa sowadyjynyň öňünde ýüzüňi tutup durmakdan, sowadyjydan alyp, sowuk suw içmekden, sowuk suwa düşmekden gaça durmaly.

Çalt taýynlanýan, guraksy önümleri az iýmek maslahat berilýär. Ter gök önümleri, miweleri köpräk iýmeli we günüň dowamynda 1,5-2 litre çenli arassa agyz suwuny içmeli. Irdenki maşklary ýerine ýetirmek, nahardan soň ýarym sagat töweregi arassa howada gezelenç etmek arkaly kadaly iýmitlenmegi fiziki işjeňlik bilen utgaşdyrmaly. Şahsy arassaçylygy berk berjaý etmeli, penjiräni açyp, otagy ýelejiredip durmaly. Öýde we iş ýerleriňizde mebelleriň tozanlaryny çygly desmal bilen yzygiderli süpürmeli. Gezelenje çykylanda, iýmit galyndylaryny, plastik gaplary we şuňa meňzeşleri ýörite niýetlenen gaplara taşlap, daş-töweregiň arassaçylygyny üpjün etmeli. Bu düzgünleri ýaş çagalara hem öwretmeli. Deňizde suwa düşülenden soň, 15 — 20 minut töweregi kölegede ýa-da saýawanyň aşagynda dynç almaly we soňra üstüňden arassa suw akdyryp ýuwunmaly.

Eliňi arassalamak üçin çygly we gury süpürgiçleri, ýörite arassalaýjy erginleri ulanmak bilen, şahsy arassaçylyk kadalaryny yzygiderli berjaý etmeli.

Tomus möwsüminde dynç alşy sagdyn, gyzykly we şatlykly geçirmek, ilkinji nobatda, siziň özüňize baglydyr.

 

 

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info