Towukly bäşbarmak çorbasy

MilliInfo

1 Iyul, 2026

Towukly bäşbarmak çorbasy

Bäşbarmak goýun etinden taýýarlanýar. Ýöne biz ony towuk bilen taýýarlamagy teklip edýäris.

DÜZÜMI

Size 1 kilogram towuk eti, 300 gram bäşbarmak ýaýylan hamyr, 2 sany orta ululykdaky sogan, köp mukdarda täze ukrop we petruşka, şeýle hem lawr ýapragy, gara burç we duz gerek bolar.

TAÝÝARLAMAK

Bu tagamyň esasy bölegi çorbadyr. Towugy sowuk suw guýup gaýnadyň. Köpügini aýryň, ody peseldiň, sogany, lawr ýapragyny, burçy we duzy goşuň. 45 minutlap gaýnadyň.

Soňra bişirilen towugy çykaryň, sowadyň we diňe etini goýup, ony böleklere bölüň!

Kesilen hamyr böleklerini gaýnaýan çorba atyň we 3-5 minutlap bişiriň. Taýýar bolansoň, olary süzgüç bilen çykaryň we uly, tekiz tarelkada deň gatlakda ýerleşdiriň. Üstüne et goýuň we dogralan otlar we üwelen burç sepiň.

Bäşbarmak tagamy taýýar.

 

 

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info