Turpuň dermanlyk ähmiýeti

MilliInfo

3 Mart, 2026

Ýazyň gelmegi bilen bilen iýýän iýmitlerimiziň görnüşleri hem üýtgeýär. Kesellere garşy göreşmek üçin bedenimiz kaloriýasy güýçli gök önümleri talap edýär. Şeýle önümleriň biri hem adaty turpdyr.

Adaty turp — (latynça Raphanus sativus) kelemler maşgalasyna degişli, iki ýyllyk otjumak ösümlik. Tomus iýmek üçin turp ir ýaz aýlary — 10—20-nji martda ekilýär. Güýz, gyş ulanmak üçin ony 10—15-nji iýunda ekmek maslahat berilýär. Gyş aýlary iýmek üçin niýetlenen turp 20-nji awgustda ekilýär. Güýz, gyş aýlary ösdürilip ýetişdirilen turpuň güýçli ösen kökleri topragyň 30-45 sm çuňlugyna çenli aralaşyp bilýärler.

Turp, esasan hem, sowuklama garşy peýdalydyr. Onuň suwuny bir gezek sykyp alyp, günüň dowamynda bir gezek kabul etmek dem alyş ýollaryny, üsgülewigi bejermekde örän ähmiýetlidir. Tagamynyň ýaramazlygyna seretmezden, ony kabul etmek dem alyş ýollaryndan gakylygy goparmaga ýardam edýär.

  Turpuň peýdalary:

  • Üsgülewige garşy göreşmekde peýdaly;

  • Bagry arassalaýar;

  • Iýmiti siňdirýär;

  • Gany azlyga garşy peýdaly;

  • Dem alyş ýollaryny arassalaýar;

  • Ganda kislarodyň baýlaşmagyna kömek edýär.

 

Turp köp wagtdan bäri adam saglygy üçin peýdaly önüm hökmünde ulanylypdyr. Grekler we rimliler bu önümi böwrek we öýken kesellerini bejermekde giňden peýdalanypdyrlar. Öz düzüminde köp mukdarda kükürt maddasyny saklaýanlygy, onuň mikroblara garşy göreşmek häsiýetiniň barlygyny aýan edýär.

 

 

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info