Immunitet ulgamyňyzy güýçlendiriň!

MilliInfo

9 Noýabr, 2025

Sowuk möwsüm golaýlaşýar, bu döwürde bolsa immun ulgamyňyzy, saglygymyzy berkitmek üçin witamin goşundylary maslahat berilýär.

Şeýlelikde, bu ugurda peýdaly bolan Amosowyň pastasyny taýýarlamagy öwreneliň. Pastanyň özüniň uzak taryhy, nirede we nädip oýlanyp tapylandygy hakyndaky gürrüňler bilen wagtyňyzy almarys. Esasy zat, bu pastanyň täsirli bolmagydyr. Ol ýüregi we gan damarlaryny berkidýär we immuniteti ýokarlandyrýar. Pastanyň akademik Nikolaý Amosow tarapyndan işlenip düzülendigini bellemelidiris.

Pasta taýýarlamak üçin size her biri 100 gram bolan kişmiş, guradylan erik we hoz gerek bolar. Şeýle hem ýarym limon we ýarym käse bal goşuň. Ähli ingredientleri pasta emele gelýänçä garyşdyryň, soňra bal bilen garyşdyryň. Pastamyz taýýar ony bankada saklaň.

Nähili ulanmaly? Irden garyndynyň iki çaý çemçesini ýyly suw bilen içiň. Bu gyşda her gün ýeterlik witamin almagyň ýönekeý usulydyr.

 

Teswirler
Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo