Haçan-da, göwnüňe bütin dünýä seniň garşyňa hereket edýän ýaly bolanda, uçaryň ýeliň garşysyna uçýandygy ýadyňda bolsun!
Genri Dewid Toro
Dünýä togalakdyr. Soňudyr öýdýän ýeriňiz, başlangyjy bolup biler.
Luiza Meý Olkott
Pikiriň sözüňde, sözüň hereketiňde, hereketiň ykbalyňda şöhlelenýär.
Jelaleddin Rumy
Uýgunlaşmaga ukyply zat güýçli we ýaşamaga ukyply bolar, üýtgemeýän we açylmaýan zat bolsa ýitip gider.
Lao Szy
Aslynda gowy ýa-da erbet zat ýok. Ähli zat biziň olar hakyndaky pikirlerimize baglydyr.
Uilliam Şekspir
Darajyk ýoldan barýarkaň, aýak çek-de, garşyňdan gelýän ýolagçyny geçir. Naharyň üçden bir bölegi bilen kanagat et-de, galanlaryny ýoldaşyňa ber, dünýäde hemişe bagtly bolmagyň syry hem şondadyr.
Napoleon Hill
Üstünlikli bolmak üçin gözsüz batyrlyk we özüňe bolan ynam gerek.
Mark Twen
Pikirlenmedik wagtym – ýaşamaýan wagtymdyr.
Rembrandt
Bir zady berk belläň! Size hiç kim özüňizden artyk kömek edip bilmez.
Sen-Jon Pers
Üstünligiň öňüni baglaýan iň uly zat, şowsuzlyga uçraryn öýdülýän gorkudyr.
Swen Eriksson
Mümkinçilik hemmelerde bar, ýöne ony amal etmek hemmelere berilmändir.
L.Gerasimow
Üstünlik gazanýan adam islemeýän zady barada däl-de, mydama isleýän zady hakynda pikir edýär.
Karlos Kastaneda

Show more