Wagtyň ähli zada dermandygy onuň bizi derdimize öwrenişdirýändigindedir.
Gündizlerine haýsydyr bir zada güýmenip gaçmak başardýan oý-pikirler ukusyz gijelerde yzyňdan ýetýär.
Kimdir biriniň saňa ynanan syryny saklamak borjuňdyr.
Biziň içki dünýämiz ähli zada gaýra dur diýýän güýjümizdir.
Unutmakdan kabul etmek ýeňildir.
Eýesi göni hem ýagty ýollardan ýöreýän aýakgaplar hem garaňkyda çarkandakly ýollary söken aýakgaba göwniýetmezçilik bilen garaýar.
Käte dymmak bilen has ýerlikli jogap berip bolýar.
Hemmeler betbagtlyk başa düşende: «Näme üçin men?!» diýip sowal berýärler. Muny bagtyň çür depesinde otyrka özünden soraýan hem barmyka?!
Islendik ýagdaýda-da öz mertebäňi saklamak ugrunda göreş adalatly göreşdir.
Durmuşda akly-garaly adamlara duş bolanyň ýagşy. Olaryň käbirinden näme etmelidigini, beýleki birinden bolsa näme etmeli däldigini öwrenýäň.
Geň ýeri ýalançy dünýäniň ýeke-täk hakykatynyň ýalançylykdygydyr.
Başarýanlygyň sebäpli kömek etmek başga, kömek bermezligi başarmaýanlygyň sebäpli ýardam etmek bir başga.
Zenany söýülmekden beter gözelleşdirjek zat ýok.
Saglyk täji başymyzdaka bizden tütjar adam ýok.
Bagyşlamak düşünmegi talap edýär.
Iň gazaply mugallym — durmuş. Onuň beren sapaklary ömürboýy ýatda galýar.
Ýekeligiň eçilýän iň uly bagty erkinlikdir. Emma hemmeler muny aňlamagy başarmaýarlar.
Merdiň ýanynda ejizlemek ejizlik däl.
Bäsdeşleriň arasyndaky deňsizlik ýeňşi karama çykarýar.
«Maňa düşünýän ýok» diýýän adamlardan sorasym gelýär: «Siz öz-özüňize bir düşünýäňizmi?!».
Garaşmak juda uzaga çekende süýjüligini, tagamyny ýitirýär.
Görýän ähmiýetsiz zatlaryňa üns bermezlik uly hatalara getirýär.
Jogapsyz ýa şowsuz söýgüden asla söýmezlik gowudyr.
Show more