Hemmämiz ýaşlygymyzy uzaltmak isleýäris. Käbirleri yhlasly maşk edýär, beýlekileri ýörite kosmetika ulanýar ýa-da berhizlere ýüz tutýar. Emma ýaşlygymyzy saklamaga kömek edýän iýmitler hem bar.
Iýmitleniş boýunça hünärmenler iýýän iýmitlerimiziň ýaşlygymyzy, energiýamyzy we tebigy gözelligimizi näçe wagtlap saklaýandygymyza gönüden-göni täsir edýändigini belleýärler. Käbir iýmitler garramagyň görünýän alamatlaryny haýalladýar.
Bilermenler bu iýmitleriň arasynda gyzyl balyk, ýumurtga we käşiri hem bar. Bellenen önümleriň ahyrkysy bedeniň deri öýjükleriniň täzelenmegi üçin zerur bolan A witamine öwürýän beta-karotine baýdyr.
Yzygiderli losos, sardina, skumbriýa we beýleki ýagly balyklary iýýän adamlarda saçlaryň döwülmegi we düşmegi azalýar. Omega-3 ýag kislotalary saç köklerini berkidýär. Şeýle hem olar deriniň elastikligini saklap, onuň sagdynlygyna täsir edýär. Emma hünärmenler ýaşlygy saklamak üçin diňe belli bir iýmitleri iýmäge bil baglamaly däldigiňizi nygtaýarlar. Beloklaryň, ýaglaryň we uglewodlaryň deňagramlylygy bolan önümler bilen iýmitlenmek has täsirli. Muňa fiziki işjeňligi we ýeterlik ukyny hem goşuň.
Show more