Ýeňil ädimler, uly netijeler

MilliInfo

28 Iýun, 2026

Ýeňil ädimler, uly netijeler

Ýöremek – bu saglygy goramagyň we ömri uzaltmagyň iň ýönekeý, elýeterli hem-de täsirli usuly. Onuň ynsan bedenine ýetirýän peýdalary örän köptaraplydyr. Günde azyndan 30 minut ýöremek ýürek keselleriniň we insultyň döreme howpuny peseldýär. Gan aýlanyşyny gowulandyryp, ýokary gan basyşyny (gipertoniýany) peseltmäge kömek edýär.

Ýöremek ganda erbet holesterini peseldip, gowy holesteriniň derejesini ýokarlanmagyna ýardam edýär. Ol artykmaç agramdan dynmak we bedeniň syratlylygyny saklamak üçin iň gowy maşklaryň biridir. Hatda pes depginde ýörelende-de, bedendäki alyş-çalyş prosesleri işjeňleşýär. Ýörelen wagtynda bedende «bagt gormonlary» hasaplanýan endorfinler bölünip çykýar. Bu bolsa sussupesligi we nerw dartgynlylygy aýyrýar. Agşamky arassa howadaky gezelençler ukynyň has rahat we üznüksiz bolmagyna kömek edýär.

Sagdyn bolmak üçin günde pyýada ýöremegi endik edinmek maslahat berilýär. Ýörelende bogunlara zeper ýetmezligi üçin rahat aýakgaplary geýmeli. Ýöremegiň iň uly artykmaçlygy onuň üçin hiç hili ýörite enjamlaryň ýa-da gymmat bahaly türgenleşik zallarynyň gerek däldigidir. Bu adamyň öz saglygy üçin edip biljek iň ýönekeý we iň gymmatly maýa goýumydyr.

 

 

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info