1-nji awgustda ýurdumyzda mekdep harytlarynyň söwdalary açylar

MilliInfo
turkmenmetbugat.gov.tm
1-nji awgustda ýurdumyzda mekdep harytlarynyň söwdalary açylar

Ýurdumyzda mekdep harytlarynyň satuw-söwdasyny guramak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 24-nji iýulda geçirilen mejlisinde hasabat bilen çykyş eden wise-premýer N.Atagulyýew belledi.

Bellenilişi ýaly, täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda okuwçylar we talyplar üçin zerur bolan harytlaryň söwdasyny guramak babatda degişli işler geçirilýär. Söwda nokatlarynda okuw esbaplaryny we beýleki dokma önümlerini ilatymyza hödürlemek göz öňünde tutulýar. Wise-premýer şu ýylyň 1-nji awgustyndan başlap mekdep harytlarynyň satuw-söwdasyny ýurdumyzyň welaýatlarynda we etraplarynda, Aşgabat, Arkadag şäherlerinde guramagyň teklip edilýändigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ilatymyzyň dürli görnüşli mekdep harytlaryna bolan isleglerini öwrenip, täze okuw ýylyna taýýarlyk bilen bagly göçme söwda nokatlaryny guramagyň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info