2025-nji ýylyň on bir aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlendi

MilliInfo

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on bir aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemi jemlenildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylygy kämilleşdirmek, täze kanunlary işläp taýýarlamak barada öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň şu ýylyň on bir aýynyň netijeleri boýunça hasabatlary diňlenildi. Bu ýerde degişli döwrüň makroykdysady görkezijileri, nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny giňeltmek boýunça durmuşa geçirilýän ädimler, ýurdumyzyň welaýatlarynda oba hojalyk işleriniň barşy, gurluşyk we senagat toplumyndaky netijeler hakyndaky hasabatlar beýan edildi. Şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda söwda toplumynda, medeniýet, ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi. Daşary işler ministrligi hem-de ulag we aragatnaşyk toplumynda alnyp barlan netijeli işler hakyndaky hasabatlar diňlenildi.   

Şunda Döwlet Baştutanymyzyň eýeçiligiň görnüşine garamazdan, ähli edara-kärhanalaryň işgärlerine 20-nji dekabra çenli aýlyk zähmet haklarynyň tölenilişine berk gözegçilik etmegi, bu ugurda geçirilen işleriň netijeleri barada hasabatlary bermegi tabşyrandygyny aýratyn bellemek gerek.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, şu ýylyň on bir aýynda alnyp barlan işleriň netijeleriniň Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň uly üstünliklere eýe bolýandygyna aýdyň şaýatlyk edýändigini belledi. «Ykdysadyýetimiziň pudaklarynda özgertmeler üstünlikli dowam etdirilýär, önümçilik pudaklary yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar, täze, döwrebap kärhanalary gurmaga we bar bolan kärhanalary döwrebaplaşdyrmaga uly möçberde maýa goýumlar gönükdirilýär» diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterime deň bolandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Nebitgaz, söwda, ulag-aragatnaşyk toplumlarynda, oba hojalyk pudagynda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport, medeniýet ulgamlarynda özgertmeler üstünlikli dowam etdirilýär. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda täze senagat desgalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň, dynç alyş we saglyk merkezleriniň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, beýleki desgalaryň gurluşygynyň netijeli alnyp barylýandygyny nygtady. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýylyň tamamlanmagyna az wagtyň galandygyna, şoňa görä-de, şu ýyly gowy netijeler bilen jemläp, täze — 2026-njy ýyly mynasyp garşylamak üçin degişli işleri alyp barmagyň möhümdigine ünsi çekdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli, halkymyzyň baýramçylygy dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin, 2025-nji ýylyň 11-12-13-nji dekabry günlerini iş güni däl diýip yglan etdi we degişli Permana gol çekdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info