2026-nji ýylyň ýedi aýynda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterim artdy

MilliInfo

2 sagat öň

2026-nji ýylyň ýedi aýynda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterim artdy

Şu ýylyň ýedi aýynyň makroykdysady görkezijileri Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň barha pugtalandyrylýandygynyň beýany boldy. Şeýlelikde, jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 2,6 göterime, gurluşykda 6,7 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,3 göterime, söwdada 8,5 göterime, oba hojalygynda 4,1 göterime we hyzmatlar ulgamynda 8,4 göterime deň boldy. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 1-nji awgustda geçirilen mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradowyň hasabatynda aýdyldy.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda jemi öndürilen önüm 10,4 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik netijeleri gazanyldy.

Hasabat döwründe, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek satuw haryt dolanyşygy 10,1 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 9 göterim artdy.

Şu ýylyň ýanwar – iýul aýlarynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 101,1 göterim we çykdajy böleginiň meýilnamasy 97,3 göterim ýerine ýetirildi.

Hasabat döwründe býujetden maliýeleşdirilýän we hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet kärhanalarynda zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary hem-de talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.

Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 4,7 göterim ýokarlandy.

Şeýle hem Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde 2026-njy ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işler, şol sanda dürli maksatly desgalaryň gurluşygy barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek, şeýle hem jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly saklamak, ykdysadyýetiň pudaklaryny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň wajypdygyny nygtady we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info