Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň ýaryşlarynda ulanyljak täze top tanyşdyryldy

MilliInfo

17 Awgust, 2025

Aziýanyň Futbol konfederasiýasy (AFC) «KELME» kompaniýasy bilen bilelikde 2025/26-njy ýyllaryň futbol möwsüminiň ýaryşlarynda — ýokary derejedäki Çempionlar ligasynda hem-de AFK-nyň Çempionlar ligasy—2-de peýdalanyljak «PARADISE» resmi oýun toplaryny görkezdi.

Top iki liganyň bijeleriniň çekilmeginiň öňüsyrasynda görkezildi. Ýeri gelende bellesek, AFK-nyň Çempionlar ligasy—2 ýaryşynyň toparçadaky tapgyrynda türkmen klublary — «Arkadag» we «Ahal» toparlary hem çykyş edýär. Olar ähli duşuşyklaryny «PARADISE» toplarynda geçirerler.

Munuň özi «KELME» kompaniýasynyň AFK-nyň klublar üçin guraýan ýaryşlarynda ulanyljak toplary resmi üpjün edijiniň wezipesini ýerine ýetirmekdäki ilkinji tejribesidir. «PARADISE» toplarynyň bezegi ýagty reňklerde bolup, geometriki çyzgylardyr aýdyňlyk öwüşgini köpdürliligi, birligi, bütin Aziýada futbola söýgini alamatlandyrýar.

Bu top 2025/26-njy ýyllaryň futbol möwsüminiň ýaryşlarynyň ähli duşuşyklarynda ulanylar. Her liga üçin özboluşly reňklerdäki bezegler, aýratyn stil, ýaryşyň abraýyny tassyklaýan alamatlar üpjün ediler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo