Ýurdumyzda «Altyn Asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylar. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 17-nji oktýabrda geçirilen nobatdaky mejlisinde wise-premýer B.Annaýew bu ugurda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň milli öýjükli aragatnaşyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we elýeterli bolmagyny üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Hususan-da, «Altyn Asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döwrebap enjamlar toplumlary bilen üpjün etmek babatda netijeli çäreler görülýär. Şunda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň milli öýjükli aragatnaşyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işleriň alnyp barylýandygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz «Altyn Asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek maksady bilen taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
