Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi

MilliInfo
Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi

17-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylygy mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, Mejlisde ýurdumyzyň hereket edýän kanunlaryny Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek maksady bilen, «Elektron söwda hakynda», «Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň döwlet belligine alynmagy hakynda» Türkmenistanyň kanunlarynyň taslamalaryny taýýarlamak, şeýle hem Türkmenistanyň Gümrük, Jenaýat, Raýat iş ýörediş kodekslerine we başga-da birnäçe kanunçylyk namalaryna degişli üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmek boýunça işler geçirilýär.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow milli pulumyzyň – manadyň dolanyşyga girizilmegi mynasybetli geçiriljek çäreler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanowyň hasabaty «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly XXXI halkara maslahatyna we sergisine görülýän taýýarlyk barada boldy.

Wise-premýer T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow ýurdumyzyň oba hojalyk önüm öndürijilerini mineral dökünler bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýewiň hasabatynda şu ýylyň noýabr aýynda Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäherinde geçiriljek «Hytaý halkara import EXPO» sergisine Türkmenistanyň milli pawilýony bilen gatnaşmagy boýunça alnyp barylýan işler barada beýan edildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa «Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda» Kararyň taslamasy barada hasabat berdi.

Wise-premýer B.Mämmedowyň hasabatynda şu ýylyň noýabr aýynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara ylmy-amaly maslahatlary we olimpiadalary geçirmäge taýýarlyk görlüşi barada aýdyldy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky «C5+1» ministrler derejesindäki nobatdaky duşuşyga taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýewiň hasabaty «Altyn Asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler hakynda boldy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info