«Energiýa. Hyzmatdaşlyk. Ösüş»: Türkmenistan «OGT 2026» atly XXXI halkara maslahatyna we sergisine taýýarlanýar

MilliInfo
«Energiýa. Hyzmatdaşlyk. Ösüş»: Türkmenistan «OGT 2026» atly XXXI halkara maslahatyna we sergisine taýýarlanýar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 17-nji oktýabrda geçirilen mejlisinde wise-premýer G.Agajanow «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly XXXI halkara maslahatyna we sergisine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, Aşgabat şäherinde geçirilmegi göz öňünde tutulan bu çärelere taýýarlyk işleri giň gerimde alnyp barylýar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda amatly maýa goýum gurşawyny döretmek boýunça başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Halkara maslahaty «Energiýa. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» diýen şygar astynda geçiriler we onuň çäklerinde birnäçe plenar mejlisler hem-de beýleki maslahatlar guralar. Şeýle hem «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikler hem-de ikitaraplaýyn duşuşyklar geçiriler.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebitgaz toplumyny ösdürmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek maksady bilen, halkara maslahatlaryň we sergileriň yzygiderli geçirilýändigini aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly halkara maslahatyny we sergisini ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info