Milli pulumyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 33 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçiriler

MilliInfo

2 sagat öň

turkmenmetbugat.gov.tm
Milli pulumyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 33 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçiriler

17-nji oktýabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradow milli pulumyzyň – manadyň dolanyşyga girizilmegi mynasybetli geçiriljek çäreler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 33 ýyllygyna gabatlanyp «Milli manat – täze taryhy döwrüň bedew batly ösüşleriniň binýady» atly ylmy-amaly maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär.

Maslahatda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça başlangyçlaryny we bank ulgamynda amala aşyrýan özgertmelerini giňden beýan etmek, bu ulgamda gazanylýan üstünlikler bilen tanyşdyrmak, şeýle hem halkara maliýe guramalary bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýere milli pulumyzyň – manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 33 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahata gowy taýýarlyk görmegi we guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info