Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleri ABŞ-nyň Döwlet sekretary bilen duşuşar

MilliInfo
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleri ABŞ-nyň Döwlet sekretary bilen duşuşar

Şu gün — 19-njy oktýabrynda Samarkant şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky «C5+1» formatyna gatnaşýan ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şenbe güni (17-nji oktýabr) geçirilen nobatdaky mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow habar berdi.

Duşuşykda köptaraplaýyn formatyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary babatda türkmen tarapynyň garaýyşlaryny beýan etmek göz öňünde tutulýar.

Bu duşuşyk bilen bir hatarda, hökümet agzalarynyň we işewürleriň gatnaşmagynda birnäçe ugurlar, hususan-da, sanly tehnologiýalar, bilim we saglyk, wajyp minerallar, energiýa we ulag infrastrukturalary, oba hojalyk we dokma toplumy, maliýe we maýa goýum ýaly ugurlar boýunça işewürler sessiýalary geçiriler.

Bu çäräniň çäklerinde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretary bilen ikitaraplaýyn duşuşygyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Duşuşygyň dowamynda gyzyklanma bildirilýän ugurlardaky hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini, şol sanda şu ýylyň 3-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän nobatdaky Türkmen-Amerikan syýasy geňeşmelerine taýýarlyk işlerini ara alyp maslahatlaşmak maksadalaýyk hasaplanylýar. 

Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky bu formatyň ministrler derejesindäki nobatdaky duşuşygynyň netijeleri boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň Bilelikdäki Beýannamasyny kabul etmek meýilleşdirilýär. 

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky ministrler derejesindäki nobatdaky duşuşygyň sebitiň durnukly ykdysady ösüşini üpjün etmekde uly ähmiýete eýedigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministrine sebitara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ýardam berjek bu duşuşyga gowy taýýarlyk görmegi we işjeň gatnaşmagy tabşyrdy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info