Müsürdäki «altyn» üstünlik: Anamjan Rustamowa ýaşlaryň arasynda dünýäniň çempiony boldy

MilliInfo

8 Maý, 2026

Türkmen ýygyndysy Müsür Arap Respublikasynda dowam edýän agyr atletika boýunça ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatyny uly üstünliklere besleýär. Ildeşimiz Anamjan Rustamowanyň abraýly ýaryşyň ýeňijisi bolmagy şol üstünlikleriň iň naýbaşysy boldy.

A.Rustamowa 86 kilograma çenli agram derejesinde başarnygyny synady. Türkmen ýygyndysynyň wekili agyr atletikanyň ştangany itekläp götermek görnüşinden 147 kg agyrlygy boýun egdirdi we altyn medal gazandy. Silterläp galdyrmakdaky 110 kg netijesi onuň bu görnüşden dördünji orna düşmegine getirdi. Şeýlelikde, umumy hasapda 257 kilogram netije bilen ýaryşy jemlän Anamjan iki görnüşiň jemi boýunça ýaşlaryň arasynda dünýä çempiony hökmünde bellige alyndy.

Biz ildeşimizi bu ajaýyp üstünligi bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.

Ýeri gelende ýatlasak, 53 döwletden 271 türgeni bir ýere jemlän ýaryşda türkmen ýygyndysynyň 79 kilogram agram derejesinde çykyş eden wekili Didarbek Jumabaýew uly üstünlige ýetipdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info