Aşgabat «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergä taýýarlanýar

MilliInfo

2 sagat öň

2 – 4-nji aprel aralygynda Türkmenistanyň paýtagtynda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly giň gerimli halkara sergi geçiriler. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy, Türkiýäniň «Net Organization» we «Sofuar» kompaniýalary ähmiýetli serginiň guramaçylary hökmünde çykyş edýärler.

Gözden geçirişe taýýarlyk işleriniň barşy 27-nji martda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Wise-premýer N.Atagulyýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa beren hasabatynda häzirki wagtda dürli pudaklarda ýöriteleşen 80 sany ýerli we daşary ýurt kompaniýalarynyň bu halkara sergä gatnaşmaga gyzyklanmalaryny tassyklandyklaryny habar berdi. Halkara brendlerini hem goşmak bilen, gatnaşyjylaryň umumy sanynyň 100-e ýetmegine garaşylýar.

Sergi döwrebap üstünlikleriň we tehnologik çözgütleriň nusgalyk meýdançasyna öwrüler.

Gözden geçirişiň çäklerinde aşakda bellenen ugurlar boýunça gymmatlyklar hödürlener:

  • senagat enjamlary we tehnikalary;

  • metal önümleri we gurluşyk serişdeleri;

  • himiýa senagatynyň önümleri;

  • sanlylaşdyrmak we «ýaşyl» tehnologiýalar ulgamyndaky innowasiýalar;

  • logistika ulgamyndaky döwrebap çözgütler.

Sergi halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge, maýa goýumlaryny çekmäge we hünär tejribesini alyşmaga gönükdirilendir. Bu meýdança Türkmenistanyň okgunly ösýän bazarynda işlemek isleýän distribýutorlaryň, resmi wekilleriň (dilerleriň) we maýadarlaryň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak üçin netijeli gural bolar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin şulnuň ýaly halkara gözden geçirişleriniň yzygiderli geçirilmeginiň strategik ähmiýetini belledi. Döwlet Baştutanymyz milli işewürligiň ählumumy ykdysady gün tertibine utgaşmasynda möhüm tapgyr boljak bu serginiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info