Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 16-njy ýanwarda geçirilen nobatdaky mejlisinde şu aýyň ahyrynda Aşgabatda geçiriljek BMG-niň iri marafony — Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) hepdeligine taýýarlyk görmegiň jikme-jik meýilnamasy hödürlendi.
Mejlisde wise-premýer H.Geldimyradow Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) hepdeligini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Hepdeligiň senenamasy örän ähmiýetli iş tertibini özünde jemleýär. 20-nji ýanwarda degişli işçi toparlary öz işine başlar, 21-22-nji ýanwarda «SPECA 2026» ykdysady forumy geçiriler, 23-nji ýanwara meýilleşdirilen Ýolbaşçy geňeşiniň 20-nji mejlisi bolsa bu çäreleriň jemleýji wakasy (kulminasiýasy) bolar.
Hepdeligiň çäklerindäki ykdysady forum, degişli iş toparlarynyň mejlisleri, duşuşyklar we beýleki çäreler diýseň ähmiýetli wakalara öwrüler. Olaryň dowamynda sebitde ykdysady, energiýa serişdeleri, suw we daşky gurşawy goramak ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, energetika, ulag baglanyşygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, BMG-niň standartlaryny ulanmak arkaly sanly söwda-ykdysady geçelgeleri has-da kämilleşdirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.
Hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygyň ýurdumyzyň alyp barýan syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi hem-de wise-premýere BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) hepdeligini geçirmäge gowy taýýarlyk görmegi we ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.