Kardiologlaryň we fiziologlaryň kongresleri, onklolog lukmanlaryň maslahaty: Aşgabat halkara foruma taýýarlanýar

MilliInfo

26 Sentýabr, 2025

Ýurdumyzda 10 — 12-nji oktýabr aralygynda geçiriljek «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata ýokary derejede taýýarlyk görülýär.

Forumyň çäklerinde Türki dilli ýurtlaryň kardiologlarynyň XI kongresini, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň fiziologlarynyň halkara kongresini, Ýewraziýa döwletleriniň onkolog lukmanlarynyň halkara maslahatyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Munuň özi saglygy goraýyş, bilim, sport ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygyň hem-de öňdebaryjy tejribeleriň ösdürilmegine ýardam berer.

Wise-premýer B.Orazdurdyýewanyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 25-nji sentýabrynda geçirilen mejlisinde beren hasabatynda aýdylyşy ýaly, bu halkara çärelere derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri, lukmançylyk, bilim tehnologiýalaryny öndürýän öňdebaryjy kompaniýalaryň, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň lukmanlarynyň, alymlaryň, sport hünärmenleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda saglygy goraýyş we sport ulgamlaryny ösdürmek, bilim işini kämilleşdirmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny belledi hem-de «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata gowy taýýarlyk görmegi hem-de olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo