Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi

MilliInfo

26 Sentýabr, 2025

Düýn — 25-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, hemişe bolşy ýaly, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlarymyzyň günäsiniň geçilýändigini, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleriň yzygiderli geçirilip durulýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy B.Gündogdyýewe söz berildi. Ol jenaýat edendikleri üçin iş kesilen raýatlaryň Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek boýunça bu toparyň geçiren işleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, asylly däbimize eýerip, iş kesilen 225 raýatymyzyň ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda Permana gol çekýändigini aýtdy.

Soňra Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeleriň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak we milli kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçiriljek Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-wenger toparynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Wise-premýer B.Amanowyň hasabaty onuň gözegçilik edýän toplumy, hususan-da, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan ýerine ýetirilýän işler barada boldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew Diýarymyzda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedowyň hasabatynda Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde Aşgabat şäherinde ýerine ýetirilen işler barada beýan edildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeler bilen halkara jemgyýetçiligi giňden tanyşdyrmak we daşary ýurtlar bilen özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer B.Seýidowanyň hasabaty oktýabr aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada boldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewanyň hasabatynda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata görülýän taýýarlyk işleri barada aýdyldy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasyna gatnaşmagynyň netijeleri barada hasabat berdi. R.Meredow Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama bermek meselesi barada hem aýdyp, hormatly Prezidentimiziň garamagyna Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli daşary ýurt raýatlaryna Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň berilmegi bilen bagly resminamanyň taslamasyny hödürledi.

Döwlet Baştutanymyz 142 adama Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama bermek hakynda Karara gol çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew Türkmenistanyň raýat awiasiýasy pudagy üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisine gatnaşyjylar Arkadagly Gahryman Serdarymyzy we Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutladylar.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo