«Ylmy intellektual eýeçilik hakynda» we «Wirtual aktiwler hakynda» Türkmenistanyň täze Kanunlary taýýarlanylýar

MilliInfo

26 Sentýabr, 2025

Türkmenistanyň Mejlisi biziň döwrümizde işjeň meseleler bilen bagly bolan «Ylmy intellektual eýeçilik hakynda», «Wirtual aktiwler hakynda» Türkmenistanyň täze Kanunlaryny taýýarlamak boýunça işleri alyp barýar. Bu barada 25-nji sentýabrda geçen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa habar berdi.

Hasabatda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna, Jenaýat iş ýörediş, Raýat iş ýörediş, Maşgala, Ilaty durmuş taýdan goramak, Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodekslerine we beýleki hereket edýän birnäçe kanunçylyk namalaryna üýtgetmelerdir goşmaçalary girizmek boýunça alnyp barylýan işler barada hem aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz döwrüň talabyna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamagyň möhüm wezipeleriň biridigini, şoňa görä, bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo