8-nji aprelde UEFA Çempionlar ligasynyň 1/4 finalynyň duşuşyklarynyň ikisi geçirildi.
«Barselona» öz meýdanynda Madridiň «Atletiko» toparyndan asgyn geldi. «Kamp Nou» stadionynda geçirilen duşuşyk myhmanlaryň 2:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Duşuşygyň dowamynda katalonlylaryň goragçysy Pau Kubarsiniň 44-nji minutda Juliano Simeonanyň garşysyna oýun düzgünini bozup, göni gyzyl kart almagy netijesinde «Barselona» 10 oýunçy bilen çykyş etmäge mejbur boldy.
San taýdan artykmaçlykdan peýdalanan madridliler iki gol geçirmegi başardylar. Gollary Hulian Alwares (45-nji minutda) we Aleksander Sýorlot (70-nji minutda) öz adyna ýazdyrdylar.
«PSŽ» — «Liwerpul»
Çärýek finalyň beýleki bir duşuşygy Parižiň «Park de Prens» stadionynda ýerli «Pari Sen-Žermen» bilen Angliýanyň «Liwerpul» toparlarynyň arasynda geçirildi. Duşuşykda ýer eýeleri Dezire Dueniň (11-nji minutda) we Hwiça Kwarasheliýanyň (65-nji minutda) gollarynyň esasynda ýeňiş gazandylar.
Iki jübüt üçin hem jogap duşuşyklary 15-nji aprele geçilýän gije bolar. Oýunlar Madridde we Liwerpulda geçiriler. Duşuşyklar Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlanar.
Belläp geçsek, 7-nji aprelde çärýek finalyň ilkinji oýunlary geçirilipdi. Şonda Mýunheniň «Bawariýasy» myhmançylykda Madridiň «Realyny» 2:1 hasabynda ýeňdi, Londonyň «Arsenaly» bolsa Lissabonda «Sportingden» 1:0 hasabynda üstün çykdy. Bu toparlaryň jogap duşuşyklary 16-njy aprele geçilýän gije bolar.