«Bawariýamy» ýa-da «PSŽ»: Haýsy topar finala çykar?

MilliInfo

6 Maý, 2026

6-njy maýda Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň jogap oýnunda «Bawariýa» we «PSŽ» toparlary duşuşar. Oýun Mýunhen şäherinde geçiriler.

Toparlaryň arasyndaky birinji duşuşyk gollara baý boldy. Onda «PSŽ» 5:4 hasabynda ýeňiş gazandy.

Finala çykan klubuň jemleýji oýundaky garşydaşy Londonyň «Arsenaly» bolar.

Futbol muşdaklary bu gyzykly jübütiň jogap oýnuna «Turkmenistan. Sport» we «Warzish TV» teleýaýlymlary arkaly göni efirde tomaşa edip bilerler. Göni ýaýlym Aşgabat wagty bilen sagat 23:55-de başlanar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info