Oba hojalygynda jogapkärli möwsüm: 2-nji sentýabrda bugdaý ekişine girişilse, 9-njy sentýabrda pagta ýygymy başlanar

MilliInfo

29 Awgust, 2026

Oba hojalygynda jogapkärli möwsüm: 2-nji sentýabrda bugdaý ekişine girişilse, 9-njy sentýabrda pagta ýygymy başlanar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 28-nji awgustda geçirilen mejlisinde wise-premýer T.Atahallyýewiň oba hojalyk pudagynda hem-de welaýatlarda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Wise-premýer ýurdumyzyň welaýatlarynda 2027-nji ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, bellenen möhletlerde we ýokary hilli geçirmek maksady bilen, ussat daýhanlaryň, tejribeli hünärmenleriň, alymlaryň, mehanizatorlaryň gatnaşmaklarynda tejribe maslahatlaryny geçirmegiň hem-de il sylagly ýaşulularyň gatnaşmaklarynda bugdaý ekişine başlamagyň senesini belläp, oňa ak pata bermegi hormatly Prezidentimizden haýyş etdi.

T.Atahallyýew welaýatlarda ösdürilip ýetişdirilen gowaça hasylyny öz wagtynda ýygnap almak, pagta ýygymy möwsümini ýokary guramaçylykly geçirmek maksady bilen, ussat daýhanlaryň, tejribeli hünärmenleriň, alymlaryň we mehanizatorlaryň gatnaşmaklarynda tejribe maslahatlaryny geçirmegiň hem-de il sylagly ýaşulularyň gatnaşmaklarynda pagta ýygymyna başlamagyň senesini belläp, oňa ak pata bermegi döwlet Baştutanymyzdan haýyş etdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzyň gallaçy we pagtaçy daýhanlary üçin jogapkärli möwsüm bolan bugdaý ekişiniň hem-de pagta ýygymynyň ýetip gelendigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz bu möhüm oba hojalyk işlerini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, welaýatlarda 2-nji sentýabrda bugdaý ekişine girişmäge, 9-njy sentýabrda bolsa pagta ýygymyna başlamaga ak pata berdi we hormatly ýaşululardan bugdaý ekişini we pagta ýygymyny «bismilla» bilen başlap bermeklerini haýyş etdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň zähmetsöýer daýhanlaryna, ähli oba hojalyk işgärlerine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info