Haýsy öň dörapdir — towukmy ýa-da ýumurtga? Alymlar ahyrsoňy bu sowala jogap berdiler

MilliInfo

12 Oktýabr, 2025

Haýsy öň döräpdir — towukmy ýa ýumurtga? Alymlar ahyrsoňy bu sowala jogap berdiler: ilki towuk döräpdir.

Ylmy gözlegçiler ýumurtga gabygyny emele getirýän OC-17 (owokleýdin-17) atly belogy ýüze çykardylar. Bu belok kalsiýni ýumurtganyň sary bölegini goraýan gaty gabyk görnüşine geçirýär we diňe towugyň ýumurtga ýolunda öndürilýär.

Netije: häzirki zaman ýumurtgasy towuksuz döräp bilmez. Elbetde, tebigatda ýumurtgalar öň hem bardy — süýrenijilerde, dinozawrlarda we beýleki jandarlarda, Muňa garamazdan, hut towuk ýumurtgasynyň döremegi üçin towuk hökmanydyr.

Garaz, bu maglumatlar adamzadyň asyrlarboýy gyzyklanma bildirýän sowalyna jogabyň tapylandygyny aňladýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info